SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE GERMAN YKDYSADYÝETIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ WEKILLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň Müdirliginiň başlygy jenap Oliwer Hermes «German ykdysadyýetini...
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ BILERMENLERI BILEN WIDEO-MASLAHAT
2020-nji ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň bilermenleri bilen dünýäde aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagyny gözegçilikde saklamak boýunça BSGG-niň teklipleriniň sanly wideo aragatnaşyk arkaly tanyşdyryş iş maslahaty geçirildi. Onlaýn-duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Bütindünýä saglygy...
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban uçurymlar! Sizi uly joşguna we şatlykly pursatlara beslenýän «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biz bagtyýar ýaşlarymyzdan beýik işlere garaşýarys. Şoňa görä-de, döwrebap mekdepleri we bilim-terbiýe beren mugallymlary bilen hoşlaşyp, tolgundyryjy hem-de ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirýän mähriban uçurymlara täze durmuş ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýärin! Hemişelik Bi...
«Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergisine gatnaşyjylara
Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. Bu serginiň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda äh...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler wideokonferensiýa görnüşinde geçdi. Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda şu ýylyň 24-nji maýynda geçirilen telefon arkaly gepleşikleriň barşynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna ulag-üstaşyr we söwda-ykdysady ulgamlary boýunça gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyr...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, türkmen hem-de türk halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Döwlet Baştutanlary ruhy päklik we ýokary ahlaklylyk ýaly adamzadyň belent gymmatlyklarynyň ähmiýetini ündeýän bu nurana baýramyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösd...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, raýdaşlygy we hoşniýetliligi rowaçlandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Milli däplerimize laýyklykda giňden bellenýän Oraza baýramynyň dabaralarynyň kalbymyza egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Oraza baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkyn...