SOŇKY HABARLAR
Astrahan oblastynyň gubernatory türkmen Liderine muzdsuz iberen önümleri üçin hoşallyk bildirdi
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Çuňňur hormatlanýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hem-de öz adymdan Türkmenistanyň şu çylşyrymly döwürde biziň sebitimize zerur kömegi öz wagtynda berendigi üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etmäge rugsat ediň. Türkmenistandan gelip gowşan ýük COVID-19 boýun...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomini kabul etdi. Myhman hormatly wezipäni ýerine ýetirmek — 1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak hem-de 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny gowşurmak üçin paý...
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy. Näçe ýyl geçse-de, Watan goragyna aýaga galan gahrymanlaryň edermenligi minnetdar nesilleriň hakydasynda we ýüreklerinde hemişelik saklanýar. Olar şöhratly Watan goragçylarynyň batyrlygynyň we gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýärler. Hut şonuň üçin hem weteranlaryň ordenleriniň, medallarynyň jaňňyrdysyndan döreýän owaza bes...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi göwünlerde çäksiz buýsanç duýgularyny döredýän şanly sene — 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Millionlarça ynsanlaryň ömri, edermenligi we gaýduwsyzlygy bilen gazanylan bu mukaddes Ýeňiş parahatçylygy we hoşniýetliligi, dostlugy hem-de raýdaşlygy giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Adamzat taryhyna iň pajygaly döwür hökmünde giren 1941—1945-nji ýyllaryň jebir-jepaly synagla...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzy ösdürmegiň Prezident maksatnamalarynyň, şeýle hem ykdysady we durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine garaldy we mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň beýleki meseleleri ara alny...
AŞGABATDA «TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY» ATLY TEMA BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçyl...
TÜRKMENISTAN SYÝAHATÇYLYK ŞÄHERLERINIŇ BÜTINDÜNÝÄ FEDERASIÝASYNYŇ HATARYNDA
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasy 2012-nji ýylda dünýäniň meşhur syýahatçylyk şäherleri we syýahatçylyk guramalary tarapyndan döredildi. Ştab-kwartirasy we Sekretariaty Pekinde (HHR) ýerleşen SŞBF häzirki wagtda abraýly halkara syýahatçylyk guramasyna öwrüldi.