RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY GEPLEŞIK

2019-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.      Iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyna we hoşniýetli goňşuçylygyna esaslanan, däbe öwrülen döwletara dialogyň ýokary derejesine ünsi jemläp, taraplar sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, strategik häsiýete eýe bolan hem-de birek-birege hormat goýmak nukdaýnazaryndan guralýan tü...

DOWAMY
pic
31 Okt

KOPENGAGENDE TÜRKMEN-DANIÝA HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Kopengagende Daniýanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Daniýa Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-daniýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Daniýanyň wekiliýetine Daniýa Patyşalygynyň daşary syýasat boýunça ministriniň orunbasary hanym Lizbet Zilmer Jons ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça özarabähbitli türkmen-daniýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny...

DOWAMY
pic
30 Okt

Döwletliler köşgüniň çagalary üçin welosipedler — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgady

Ösüp gelýän nesil, onuň sazlaşykly ösüşi we saglygy barada hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaş türkmenistanlylary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar, çünki çagalykdan başlap, şahsyýetiň esasy aýratynlyklary, ruhy-ahlak gymmatlyklary we çelgileri kemala getirilýär. Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiziň tabşyryg...

DOWAMY
pic
30 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADA «PEKIN + 25» SEBITLEÝIN SYN MASLAHATYNYŇ IŞINE GATNAŞMAGY

2019-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Ženewada «Pekin + 25» Sebitleýin syn maslahaty öz işine başlady, ol gender deňliginiň gazanylmagy boýunça Hereketleriň Pekin platformasynyň durmuşa geçirilmeginde gazanylan ösüşleriň gözden geçirilmegi we meseleleriň ýüze çykarylmagy üçin forum bolup durýandyr. 1995-nji ýylyň Pekin jarnamasy we Platformasy has giň gerimli «ýol görkezijisi» bolup, tutuş dünýäde aýallaryň we gyzlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir. 2020-nj...

DOWAMY
pic
30 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRILÝÄR

2019-njy ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mamedowanyň Koreýa Respublikasyna sapary boldy. Saparynyň barşynda Mejlisiň başlygy Koreýa Respublikasynyň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşdy. 2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda KR-nyň Milli Assambleýasynyň Dostluk toparynyň Başlygy jenap Park Deçul bilen iş günortanlyk nahary geçirildi. Günortanlyk naharynyň barşynda taraplar ykdysadsyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň...

DOWAMY
pic
30 Okt

NORWEGIÝADA TÜRKMEN-NORWEGIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Osloda Türkmenistanyň we Norwegiýa Patyşalygynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-norwegiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Norwegiýanyň wekiliýetine Norwegiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Audun Halworsen ýolbaşçylyk etdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary, sebit hem-de halkara gün tertibi, şeýle hem Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky ýagdaýlar işjeň ara alnyp...

DOWAMY
pic
30 Okt

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edildi

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde Bütindünýä suw geňeşiniň Dolandyryjylar geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Geçirilen geňeşiň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edildi.

DOWAMY