SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutyna baryp gördi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri hem-de amaly-türgenleşik işleri bilen tanyşdy. Ir bilen döwlet Baştutanymyz institutyň baş binasyna geldi. Bu ýokary okuw mekdebiniň täze binasy milli Liderimiziň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda açyldy. Bu ýokary okuw mekdebiň ak mermere beslenen özboluşly binalar toplumy Bit...
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda pudakdaky işleriň ýagdaýyna garalyp, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we ýer-suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, oba zähmetkeşleriniň...
Daşoguzly pagtaçylar gowaça ekişine girişdiler
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, howa şertlerine görä, ekişe ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz gijräk girişýän Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary gowaça ekişine başladylar. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular ekişe ak pata berdiler. Olar Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň abadançylygyny, milli Liderimiziň janynyň hemişe sag, ömrüniň uzak bolmagyny Beýik Biribardan dileg edip, gowaçanyň ilkinji tohumlaryny topraga taşladylar we soňra meh...
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Şu gün, dynç güni, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmak, şol sanda at münmek hem-de döredijilik işlerine sarp etmek ýaly adaty endigine eýerip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy, atly gezelenç etdi hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Tebigatyň gözelligi ýylyň islendik paslynda ruhuňy belende göterýär, ýaz paslynyň howasy bolsa aýratyn joşduryp, ynsa...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 542 müň dollary bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit ýol bitumyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 668 müň manatlyk “Türkmengaz...
Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň baş metjidinde sadaka berdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde berlen sadaka gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz Daşoguzyň howa menzilinden şäheriň günorta-günbatar böleginde — owadan Görogly köçesiniň ugrunda gurlan metjide tarap ugrady. Bu uzyn ýoluň ugrunda Daşoguzyň binagärlik keşbini bezeýän beýleki ajaýyp desgalar, şol sanda Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň ak mermerli binasy hem-de Ruhyýet köşgi ýerleşýär....
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde doganlyk ýurt bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigini bellediler, munuň özi hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça öz wagtyn...