SOŇKY HABARLAR
Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegi
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryndan we halkymyzyň ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy döwletde ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, 19-njy martda türkmen paýtagtyndan bu ýurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, ynsanperwerlik kömegi iberildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we azyk önümlerini...
Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ony senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek, gurluşyk ulgamynyň we gurluşyk senagaty önümçiliginiň işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik...
TÜRKMENISTAN DOGANLYK EÝRANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERÝAR
Hoşniýetli goňşuçylygyň asyl däplerine we ýokary adamkärçilik gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, doganlyk ýurduň çäginde täze koronawirus ýokanç keseli tarapyndan ýüze çykarylan ýiti respirator keselleriniň ýaýramagy bilen baglylykda Eýran Yslam Respublikasyna gaýragoýulmasyz serişdelerden, şol sanda lukmançylyk esbaplaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi berildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Tbilisiniň merkezinde wideofilm görkezildi
2020-nji ýylyň 18-nji martyndan Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy, Tbilisiniň merkezinde, Tbilisi konsert zalynyň öňünde ýerleşdirilen uly monitorda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli wideofilm goýberdi. Wideofilmde Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary, şeýle hem syýasat, ykdysadyýet, senagat, oba hojalygy, medeniýet, sungat we sport ugurlarynda ýetilen uly üstünlikleri görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 2020-nji ýyl «Türkmen...
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, dost-doganlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolan Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň köptaraply gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna ýetip gelýän Bahar...
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we habar beriş syýasaty meselelerine gözegçilik edýän orunbasary B.Abdyýewanyň hem-de ulag we kommunikasiýa ulgamynyň işleriniň utgaşdyrylmagyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy, resminama dolanyşygynyň e...
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Aşgabat” atly neşir çap edildi
Şu ýyl Türkmenistan hemişelik bitaraplyk statusyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny belleýär. Bu şanly sene mynasybetli, Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem dürli çäreler, forumlar, sergiler, konsertler gurnalýar. Bu çäreleriň hataryny ýurdumyzda çap edilen ýörite şekillendirilen neşirler doldurdy. Olaryň biri hem “Aşgabat” atly kitapdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrül...