img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Maý

BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY (BSG) BILEN HYZMATDAŞLYK IŞJEŇLEŞDIRILÝÄR

2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy bilen Bütindünýä söwda guramasynyň hünärmenleri bilen onlaýn görnüşde iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BSG-niň hünärmenlerini ýurdumyzyň BSG-da synçy derejesini almagy üçin geçirilýän netijeli işler barada tanyşdyrdy. Mundan başga-da 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde we 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda...

DOWAMY
pic
4 Maý

TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA WIDEOKONFERENSIÝA GURNALDY

2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Energetika Hartiýasynyň Baş Sekretary Urban Rusnak göni wideoaragatnaşyk arkaly leksiýa bilen çykyş etdi. Energetika Hartiýasynyň alyp barýan işine we onuň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan leksiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar. Okuw sapagynyň bar...

DOWAMY
pic
4 Maý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy. Onuň gün tertibine häzirki döwürde tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin täze, çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak meseleleri girizildi. Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna...

DOWAMY
pic
4 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET TOPARYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUŇ BSG-DA SYNÇY DEREJESINI ALMAGYNYŇ MESELESI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryna laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri BSG-sy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk hereketleri ara alyp ma...

DOWAMY
pic
2 Maý

Maýa Kulyýewa bagyşlanan aýdym-sazly agşam

Diri gezip ýörenliginde 1-nji maýda Türkmenistanyň Gahrymany, SSSR-iň halk artisti Maýa Kulyýewa 100 ýaş toýuny toýlardy (1920-nji ýylyň 1-nji maýy – 2018-nji ýylyň 27-nji apreli). Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda ady türkmen opera sungatynyň taryhynyň şanly sahypalary bilen bagly opera ussadyna çäksiz söýgüniň nyşany hökmünde we onuň ýagty ýadygärligine bagyşlanan aýdym-saz agşamy geçirildi. Onda milli nusgawy mekdebiň ussatlary opera aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Resul Gylyjowyň ý...

DOWAMY
pic
2 Maý

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler («Türkmensenagat» eksport-import APJ) karbamid satyn aldylar. Tüýjümek önümler we nah ýüplük Russiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň söwdalarynyň esasyny düzdi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 375 müň dollaryndan gowrak boldy....

DOWAMY
pic
2 Maý

TÜRKMENISTAN GOŇŞY OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERDI

2020-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 30-njy aprelde gol çekildi. Goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň häkimi we wekilleri türkmen halkynyň adyndan ýollanan kömegi minnetdarlyk bilen kabul etdiler hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýürekden çykýan sag bolsunlaryny beýan e...

DOWAMY