SOŇKY HABARLAR
TBILISI ŞÄHERINDE ŞERTNAMALAÝYN-HUKUK BINÝADY TÜKELLEMEK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hereket edýän we güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalaryň we beýleki resminamalaryň, şeýle hem işlenilýän taslamalaryň sanawyny ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşmeler türkme...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
Eziz watandaşlar! Edermen babadaýhanlar! Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynda giňden bellenýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Eziz Watanymyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bu baýram halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýs...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YHG-NYŇ AGZA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 8-9-njy noýabrynda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde Ykdysady Hymatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini we 2025-nji ýyla çenli YHG-nyň ileri tutýan ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça edilen işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de YHG-nyň çäklerinde we onuň daşynda...
В Ашхабаде пройдут мероприятия высокого уровня под эгидой СПЕКА
В рамках председательства Туркменистана в Специальной Программе ООН для экономик Центральной Азии (СПЕКА) 18-21 ноября в Ашхабаде пройдут международные мероприятия высокого уровня (Дни СПЕКА). В их числе: Форум по торговой политике стран-участниц Программы СПЕКА, инициированный нашей страной, заседания рабочих групп Программы СПЕКА по устойчивому транспорту и торговле, а также Экономический форум «СПЕКА-2019», по итогам которого планируется принятие документа «Ашхабадская инициатива». 21 нояб...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ŞANHAÝ ŞÄHERINDE GEÇIRILÝÄN 2-NJI HYTAÝ HALKARA IMPORT SERGISINE GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 5-11-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý şäherinde iş sapary bilen bolup, “Täze eýýamda bilelikdäki geljek” şygary astynda geçýän 2-nji Hytaý halkara import sergisine gatnaşýar. 5-nji noýabrda serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide HHR-yň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bolsa hormatly myhman hökmünde sergä gatnaşdy. Bu çärä dünýäniň dürli sebitlerinden we 155 ýurdundan döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle-de...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HGI-DA ÝHHG-NYŇ TARYHY, GYMMATLYKLARY WE IŞI BARADA OKUWLAR GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 5-7-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy: gurluşy, ýörelgeleri we gymmatlyklary» mowzuk boýunça okuwlar geçirildi. ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bu üç günlük kursy Merkeziň 20 ýyllyk şanly senesiniň dabaralanmagyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde gurnady. Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we...
RIMDE ÝOKARY DEREJELI TÜRKMEN-ITALÝAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Rimiň “Fýumiçino” halkara howa menzilinde türkmen Liderini Italiýanyň ýokary derejeli wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni halkara howa menzilinden sapar mahalynda Türkmenistanyň Baştutanynyň kabulhanasy ýerleşen “Rome Kawalýeri” myhmanhanasyna ugrady. 7-nji noýabrda i...