SOŇKY HABARLAR
Germaniýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäreler dowam etdirilýär
Edil Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan hem-de biziň ýurdumyzda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň geçirilmegi dowam edýär. Şunlukda jemgyýetçilik ulaglary, ýagny Germaniýanyň Wisbaden şäheriniň awtobuslary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan bannerler bilen bezeldi. Mundan başga-da ýerli «МК-Germaniýa» gazetinde şu ý...
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly wideokonferensiýasyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideokonferensiýasyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýakynlaşyp gelýän şanly senelere we beýleki dabaralara taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler minist...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar! Sizi bahar paslynyň älem-jahany joşduryp, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenýän ýylynda joşgunly çäreler bilen utgaşýan Halkara zenanlar gününe bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, bäsleşiklerdir sergileriň eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp...
Baýramçylyk konserti: zenanlara bagyşlanan folklor toparlarynyň çykyşlary we estrada aýdymlary
Halkara zenanlar gününde jemgyýetimiziň ajaýyp zenanlarynyň hormatyna ýurdumyzyň belli artistleri uly konsert maksatnamasyny taýýarladylar. Aýdym-sazly çykyşlar ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde gelin-gyzlara bagyşlanan çykyşlar guraldy. Milli Liderimiz zenanlaryň dürli işleri ýerine ýetirmekde, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, olaryň ösüp ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda, ahlak we beden taýdan sagd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNDAN ILÇIHANALARYŇ WE HALKARA GURAMALARYŇ WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI GUTLAGLAR
2020-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Daşary işler ministri R.Meredow Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň Türkmenistanda işleýän ähli zenan ýolbaşçylaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady we olaryň sowgatlaryny gowşurdy hem-de olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we jogapkärçilikli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, öz gezeginde, gyzgyn gutlaglary hem-de özlerine...
«Talyp gözeli-2020 » bäsleşiginiň ýeňijisi kesgitlenildi
Aşgabatda Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň guramagynda her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Iň mylaýym, her tarapdan bilimli we döredijilik zehinli türkmen gözelleriniň jemleýji bäsleşigine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen tapgyryň ýeňijileri gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlar öz intellektual ukyplaryny we alçaklygyny, türkmen halkynyň medeniýeti we däple...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere seredildi. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow göni sanly wideoaragatnaşyga çagyryldy. Wise-premýer 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady g...