img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Apr

SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY GEPLEŞIKLERDE TÜRKMEN-GRUZIN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Gruziýanyň hökümet wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Gruzin tarapyna Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de gruzin tarapyndan Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary, Maliýe ministriniň orunbasary, agentlikleriň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenis...

DOWAMY
pic
1 Apr

Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparyň maslahaty

Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Bu iş topary geçen ýylyň güýzünde geçirilen Halk Maslahatynyň çözgüdine laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döredildi. Onuň düzümine Milli parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, harby we hukuk goraýjy...

DOWAMY
pic
1 Apr

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, onda şu ýylyň geçen üç aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler kesgitlenildi hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meselelere seredildi. Ilki bilen, goranmak ministri B...

DOWAMY
pic
31 Mar

Ýaponiýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäreler geçirilýär

Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan hem-de biziň ýurdumyzda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň geçirilmegi dowam edýär. 2020-nji ýylyň 31-nji martyndan başlap jemgyýetçilik ulaglary, ýagny Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäheriniň awtobuslary, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan bannerler bilen bezeldi. Mundan başga-da...

DOWAMY
pic
31 Mar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutyna baryp gördi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri hem-de amaly-türgenleşik işleri bilen tanyşdy. Ir bilen döwlet Baştutanymyz institutyň baş binasyna geldi. Bu ýokary okuw mekdebiniň täze binasy milli Liderimiziň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda açyldy. Bu ýokary okuw mekdebiň ak mermere beslenen özboluşly binalar toplumy Bit...

DOWAMY
pic
30 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda pudakdaky işleriň ýagdaýyna garalyp, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we ýer-suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, oba zähmetkeşleriniň...

DOWAMY
pic
29 Mar

Daşoguzly pagtaçylar gowaça ekişine girişdiler

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, howa şertlerine görä, ekişe ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz gijräk girişýän Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary gowaça ekişine başladylar. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular ekişe ak pata berdiler. Olar Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň abadançylygyny, milli Liderimiziň janynyň hemişe sag, ömrüniň uzak bolmagyny Beýik Biribardan dileg edip, gowaçanyň ilkinji tohumlaryny topraga taşladylar we soňra meh...

DOWAMY