img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Few

Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlar syýasaty boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak maksady bilen maslahat geçirdi. Maslahata Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, bilim ministri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başly...

DOWAMY
pic
26 Few

AŞGABATDA ÝEWRAZIÝA TOPARYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝHHG-NIŇ OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda «Ýewraziýa toparynyň (ÝAT) özara baha bermäge milli derejede taýýarlyk: ÝHHG-niň döwletleriniň iň gowy tejribeleri» atly üç günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Çärä Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankynyň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de gatnaşyjylaryň arasynda hususy pudagyň we täjirçilige...

DOWAMY
pic
26 Few

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Awstriýanyň Diplomatik Akademiýasynda tegelek stoly geçirdi

2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Wenany Diplomatik Akademiýasynda tegelek stoly geçirdi. Tegelek stola Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ilçiler, halkara guramalaryň wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Diplomatik Akademiýasynyň direktory E.Briks, Halkara ynsanperwer yl...

DOWAMY
pic
26 Few

Türkiýede Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahat we dabaraly çäre geçirildi

2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Ilçihаnаsy (Аnkаrа ş) wе Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş) tаrаpyndаn Türkiýäniň Uşak uniwersitetinde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy maslahat we dabaraly çäre geçirildi.  Geçirilen çära, Uniwersitetiň rektory we mugallymlary, bilim alýan türkmen we türk talyplary, Uşak welaýat Medeniýet müdürliginiň, dürli ylmy edaralaryň we j...

DOWAMY
pic
26 Few

Belarusda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Belarus döwlet lukmançylyk kollejinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada» BMG-nyň Rezolýusiýasynda kabul edilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi. Çärä Belarus döwlet lukmançylyk kollejiniň ýolbaşçylary we professor-mugallymlary, bu okuw mekdebinde bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda çykyş eden wekiller Türkmenistanyň Bitaraplyk derejes...

DOWAMY
pic
25 Few

Milli Liderimiz Türkmenistana ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy P.Agamyradowyň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan pandemiýanyň döremek — täze koronawirus zerarly ýüze çykýan ýiti öýken sowuklama keseliniň dünýäde ýaýramak howpunyň çaklanylýandygy bilen baglylykda, ozal berlen tabşyryklary...

DOWAMY
pic
25 Few

Karabük uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkiýäniň Karabük uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Çärä Karabük welaýatynyň häkimi, Karabük uniwersitetiniň rektory we professor-mugallymlary, bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar, dürli jemgyýetçilik we ylmy edaralaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda Hormatly Pr...

DOWAMY