SOŇKY HABARLAR
Medeni miras — halkymyzyň ruhy baýlygy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen, türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän žurnal halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny, şol sanda golýazmalaryny, Türkmenistanda taryh ylmynyň nazaryýet meselelerini öwrenmegiň netijeleri barada ýurdumyzyň we daşary döwletleriň alymlarynyň...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, birnäçe desgalaryň taslamalary hem-de şäheriň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilýän işler bilen tanyşdy. Wise-premýer Aşgabatda gurulýan täze desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna elektrik energiýasy bi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UKRAINANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY ÝOLLADY
2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýe Tähran şäheriniň golaýynda «МАУ» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetirmelerine getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny ýollady.
TÜRKMEN WEKILIÝETI «HEIMTEXTIL 2020» SERGISINE GATNAŞÝAR
2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde «Heimtextil 2020» atly dokma önümleriniň halkara sergisini öz işine başlady. Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topary gatnaşýarlar. Bu halkara sergisi her ýylyň ýanwar aýynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» sergiler merkezinde geçirilýär. Bu ýyl...
Watançylyk, edermenlik we ruhubelentlik mekdebi
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usuly neşir ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegi, giň jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan harby özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen tanyşdyrmagy ugur edinýär. Makalalaryň awtorlarynyň hatarynda ençeme ýyl...
TÜRKMENISTANYŇ ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNA BAŞLYKLYK ETMEGINE WE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN ÝÖRITE NEŞIRLER ÇAPDAN ÇYKDY
2019-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen brifingiň barşynda “Araly halas etmegiň Halkara gaznasy” we “Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbitleri” atly täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralary hem boldy. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz 2017-2019-njy ýyllarda AHHG-na başlyklyk etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýagny, Gaznanyň saýlanan Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Aral deňziniň ekologiki, sosial-ykdysady we beýleki meselelerini çözmeklige gönü...
TÜRKMENISTANYŇ AHHG BAŞLYKLYK ETMEGINE WE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan döwletimiziň 2017-2019-njy ýyllary aralygynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegine, şeýle hem şu ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Hazar deňzi institutynyň wekilleri, daşary ýurtlarda...