SOŇKY HABARLAR
NUR-SOLTANDA DOGLUŞYŇ BELLIGE ALYNMAGYNYŇ WE RAÝATSYZLYGYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA MERKEZI AZIÝA SEBITLEÝIN MASLAHATY
2019-njy ýylyň 5-6-njy sentýabrynda Nur-Soltanda, Gazagystanda «Doglanda hiç kim unudylmaly däldir» ady bilen hukuk barabarlygynyň we raýatsyzlygyň öňüniň alynmagynyň meseleleri boýunça Ikinji sebitleýin maslahat geçirildi. Maslahat BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komiteti (UNHCR) tarapyndan Gazagystan Respublikasyndaky adam hukuklary boýunça Ygtyýarlandyrylan diwan bilen bilelikde BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany...
ÝHHG-NYŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda ÝHHG-nyň Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ÝHHG-nyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça resmi beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada bellenilişi ýaly, forumyň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we hazarýaka döwletleriniň hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle-de çärä Özbegistan Respublikasynyň we Bolgariýa Res...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 17-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky mejlisiniň işine...
“Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlaryň harby okuw türgenleşigi geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem ýurdumyzyň harby düzümleriniň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme harby okuw türgenleşigine gatnaşdy. Häzirki döwürde diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de...
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
Mähriban çagalar! Eziz körpeler! Sizi jemgyýetimizi jebisleşdirýän hem-de beýik ösüşlere ruhlandyrýan Türkmenistanyň milli baýramy bolan Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň geljekde hem eziz Watanymyz bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde amala aşyrylýan beýik işleri şirin owazly, çuň many-mazmunly a...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňde boljak baýramçylyk senelerine we şanly wakalara görülýän ta...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2019 — 2020-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr. Bu ýol bilen biz beýik geljegimizi gurýarys. Şoňa görä-de, berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin mähriba...