SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara seredilip, iki ýurduň daşary syýasat...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň arasynda duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dürli ugurlar boýunça alyp barýan köpýyllyk w...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ik...
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hançžou şäheriniň Halk hökümetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Sýuý Sinşanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň we duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklaryny ählitaraplaýyn berkitmäge itergi berýändigi bellenildi. Gepleşikleriň dowamynda sebitara g...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady
2025-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy 1992-nji ýylda Türkmenistanyň gurama agza bolan wagtyndan bäri dowam edýär. Şol döwrüň içinde ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň dürli başl...
Türkmenistanyň DIM-de döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerine «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň ähmiýetini belledi. Hususan-da, ýakynda Aşgabat şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri,...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizild...