RSS

SOŇKY HABARLAR

24 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, iki ýurduň däp bolan dostluk, doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de doganlyk özbek halkynyň abadançylygyny...

DOWAMY
23 Iýul

Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesinde has oňaýly ýaşaýyş jaý toplumy kemala gelýär

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkeziniň Şagadam köçesi giden bir gurluşyk meýdanyna öwrüldi. Bu köçäniň ugrunda kemala gelýän täze ýaşaýyş jaý toplumynda dört gatly köp öýli kerpiç jaýlar gurlar. Şeýle hem bu ýerde 600 okuwça niýetlenen umumy bilim berýän mekdep, 240 orunlyk çagalar bagy, Saglyk öýi we beýleki durmuş-ýaşaýyş hem-de dynç alyş binalary bolar. Taslamany ýerine ýetirmäge ýörüteleşdirilen döwlet guramalary we hususy gurluşyk kompaniýalry gatnaşýarlar. Ýaşaýyş jaýlary maliýeleşdi...

DOWAMY
23 Iýul

Türkmenistan Eýranyň halkyna ynsanperwerlik kömegini berýär

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, käbir ministrliklere we edaralara Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz ynsanperwer kömegi bermek tabşyryldy.  Uçar bilen iberilen ynsanperwer ýük şu gün doganlyk Eýrana baryp gowuşdy hem-de Eýran Yslam...

DOWAMY
23 Iýul

Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün paýtagtymyzda geçirilen maslahatyň esasy meselesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň öňünde durýan möhüm wezipeler boldy. Täze institut Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi.  Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, soňky ýyllar...

DOWAMY
23 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly möhüm meseleler girizildi.  Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Ministrler...

DOWAMY
22 Iýul

Türkmenabadyň innowasion hassahanasy daşary ýurtly näsaglary kabul edip biler

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde Merkezi Aziýada iri köpugurly hassahana açyldy. Bu özboluşly edaranyň mümkinçilikleri daşary döwletlerden, ozaly bilen, goňşy ýurtlardan, şol sanda Owganystandan näsaglary kabul etmäge-de mümkinçilik berýär.  Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynda daşary ýurtly näsaglaryň gelmegi, şeýle hem hassahanany ylmy-usulyýet we işgärler bilen ü...

DOWAMY
21 Iýul

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri!  Gadyrly lukmanlar!  Sizi ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban halkymyzy, şol sanda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere buýsanjy has-da ýokarlandyrjakdygyna ber...

DOWAMY