RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ TÜRKMENISTANDA DURMUŞA GEÇIRILMEGI BOÝUNÇA TEGELEK STOLUNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegine bagyşlanan tegelek stol görnüşindäki mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ählumumy howpsuzlygyň aýdyň maksatnamasy, Durnukly...

DOWAMY
pic
15 Awg

TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTANYŇ SEBITLERINIŇ ARASYNDAKY GATNAŞYKLAR ÖSÝÄR

2018-nji ýylyň 15-nji awgustynda Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň we Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň döwlet gurluşynyň wekilleriniň, senagatçylaryň, işewürleriň hem-de medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda sergi we biznes forum geçirildi. Biznes-forumyň gün tertibinde geljekde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylara Daşoguz we Horezm welaýatlarynyň ösüşle...

DOWAMY
pic
15 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SOÇI ŞÄHERINE IŞ SAPARYNDA BOLDY

2018-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary we geljek üçin meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde onuň möhüm ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 2017-2019-njy ýyllar üçin niýetlenen degişli Hökümetara maksatnamasy ykdysady h...

DOWAMY
pic
15 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasyndaky duşuşyk

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine iş saparyny amala aşyrdy, bu ýerde milli Liderimiz bilen Prezident Wladimir Putiniň duşuşygy geçirildi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bu sapar hem-de onuň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-rus duşuşygy iki ýurduň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny hem-de mundan beýläk-de ählumumy abadançyl...

DOWAMY
pic
14 Awg

Hazar Konwensiýasyna gol çekilmegi dünýäniň energetika howpsuzlygynyň ýolunda taryhy ädimdir

2018-nji ýylyň 12-nji awgusty hakyky taryhy senä öwrüldi. Şol gün ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geçirilen gepleşiklerden soň, Hazarýaka ýurtlary Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany kabul etdiler. Metbugat tarapyndan bu resminama “Hazar deňziniň Konstitusiýasy” diýlip atlandyryldy.  Resminama Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleri gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aktauda Hazarýaka döwletleriniň...

DOWAMY
pic
14 Awg

Türkmen türgenleri Indoneziýada geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýar

Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda 18-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde geçiriljek XVIII tomusky Aziýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy geçirildi.  Dabarada Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular ak ýol arzuw edip çykyş etdiler. Oýun...

DOWAMY
pic
13 Awg

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow gö­ni ara­gat­na­şyk­da no­bat­da­ky iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Oňa Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry we we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri gat­naş­dy­lar. Iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ne, Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re hem-de öň­de bol­jak baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­...

DOWAMY