SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda içeri we daşary syýasatyň ilkinji nobatdaky wezipeleri, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, şeýle hem ata Watanymyzy...
Ekologiýa we telekeçilik: telekeçiler gaýtadan işlenilýän çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürmegi özleşdirdiler
Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýerleşýän “Dana Dünýä” hususy kärhanasy gaýtadan işlenilýän çig maldan gurluşyk serişdeleriniň önümçilgini artdyrýar. Telekeçiler taşlanan plastikden, awtoulag şinalaryndan we beýleki zatlardan gurluşykda ulanylýan önümleriň birnäçe görnüşiniň: kompozit ýanýoda plitkalarynyň iki görnüşiniň, polimer-çägeden gurluşyk bloklarynyň, binalaryň daşyna goýulýan plitkalaryň we üçeklik serişdeleriniň önümçiligini özleşdirdiler. Mundan başga-da, kärhanada taşlanylan...
Priorities of Turkmenistan at the 73rd session of the United Nations General Assembly
The 73rd session of the General Assembly is the most important event in the multifaceted activities of the United Nations. It is called upon to become an important milestone in the сonsistent сonsolidation of international efforts to address key issues on the global agenda, affirming the leading role of the United Nations in maintaining and strengthening global peaсe, stability and seсurity and fully realizing the deсlared sustainable development Agenda until 2030, in promoting the сontinued imp...
Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, iki ýurduň däp bolan dostluk, doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de doganlyk özbek halkynyň abadançylygyny...
Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesinde has oňaýly ýaşaýyş jaý toplumy kemala gelýär
Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkeziniň Şagadam köçesi giden bir gurluşyk meýdanyna öwrüldi. Bu köçäniň ugrunda kemala gelýän täze ýaşaýyş jaý toplumynda dört gatly köp öýli kerpiç jaýlar gurlar. Şeýle hem bu ýerde 600 okuwça niýetlenen umumy bilim berýän mekdep, 240 orunlyk çagalar bagy, Saglyk öýi we beýleki durmuş-ýaşaýyş hem-de dynç alyş binalary bolar. Taslamany ýerine ýetirmäge ýörüteleşdirilen döwlet guramalary we hususy gurluşyk kompaniýalry gatnaşýarlar. Ýaşaýyş jaýlary maliýeleşdi...
Türkmenistan Eýranyň halkyna ynsanperwerlik kömegini berýär
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, käbir ministrliklere we edaralara Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz ynsanperwer kömegi bermek tabşyryldy. Uçar bilen iberilen ynsanperwer ýük şu gün doganlyk Eýrana baryp gowuşdy hem-de Eýran Yslam...
Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün paýtagtymyzda geçirilen maslahatyň esasy meselesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň öňünde durýan möhüm wezipeler boldy. Täze institut Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, soňky ýyllar...