SOŇKY HABARLAR
Aziadada kuraş boýunça bäsleşiklere badalga berildi
XVIII tomusky Aziýa oýunlarynda kuraş boýunça ýaryşlarda medallary gazanmak üçin bäsleşikler başlandy. Şu günki gün Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin üstünlikli bolmady. Başa-baş göreşiň bu görnüşinde türkmen türgenleriniň ikisi çärýek finala çykdylar — 66 kilograma çenli agram derejesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň ýeňijisi, dünýäniň we Aziýanyň çempionatlarynyň ençeme g...
Türkmenistanda halkara pudaklaýyn sergi we maslahat geçirilýär
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmengurluşyk — 2018” halkara sergi we “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat açyldy. Halkara forumy gurluşyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda geçirilýär. Forum Gurluşyk we binagärlik ministrligi, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni bilen bilelikde gurnaldy. ...
Türkmenabatda baýramçylygyň öň ýanynda binalaryň birnäçesi ulanylmaga berler
Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabadyň ýaşaýyş jaýlarynyň hataryna ýene-de ýokary amatlykly köp öýli jaýlaryň dördüsi goşuldy. Olar S.A.Nyýazow adyndaky şaýoluň ugrunda döwrebap gurnamalar we bezeg serişdeleri ulanylyp guruldy. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda olar dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berler. Şu ýyl durmuş ähmiýetli binalaryň ýokary depginlerde gurulmagy we işe girizilmegi, şeýle hem iri şäher gurluşygy taslamasynyň başlanmagy bilen Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň ilaty...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE “AMUL-HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANYP BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçirilmegine bagyşlanyp brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingde gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň Içeri işler, Sport we ýaşlar syýas...
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZI KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MASLAHAT GEÇIRÝÄR
2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan iki günlük maslahat öz işine başlady. Okuw maslahatyna dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň – teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem degişli ministrlikl...
«Türkmengurluşyk — 2018» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara
Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan ýylda «Türkmengurluşyk — 2018» atly halkara serginiň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň taryhynda uly yz galdyrjak waka bolan bu halkara serginiň we maslahatyň üstünlikli ge...
Ýurdumyzyň gallaçylary ekişe taýýar
29-njy awgustda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda güýzlük galla ekişi başlanar. Daşoguz sebitiniň ekarançylary bu işe 5-nji sentýabrda girişerler. Döwlet baştutanynyň Kararyna laýyklykda Oba we suw hojalygy ministrligine bu oba hojalyk çäresini daýhan birleşikleri, hojalyklar, oba hojalyk kärhanalary we hususy kärendeçiler bilen baglaşylan şertnamalaryň esasynda amala aşyrmak tabşyryldy. 2019-njy ýylda 760 müň gektar ýerden 1 million 600 müň tonna azyklyk bugdaý almak göz öňünde tutulýa...