SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan BMG-niň suw meseleleri boýunça sebit düzüminiň döredilmeginiň başyny başlaýar
Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG tarapyndan yglan edilen “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan Ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny y...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Durnukly ösüş üçin suw” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdiler. Türkmen we pakistan halklaryny birleşdirýän dostlugyň mizemezligi, çuňňur taryhy kökler, medeniýetleriň ýakynlygy şol gatnaşyklaryň mäkäm binýa...
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany bilen duşuşdy
“Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýerde Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Baştutany Abdulla Abdulla bilen duşuşdy. OYR-nyň ýokary wezipeli wekili duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Ganiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollady. Be...
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik paýtagtynda geçirilýän “Durnukly ösüş üçin suw ” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Dostlukly döwletleriň baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmak hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bild...
Türkmen wekiliýeti ynsanperwer gatnaşyklaryň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşýar
Şu gün Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIII forumy işläp başlady. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. “GDA-nyň çäklerinde gatnaşyklar — XXI asyrda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi” baradaky gürrüňler her ýyl geçirilýän duşuşygyň esasy meselesi boldy. GDA döwletleriniň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde guralan çäre görnükli medeniýet, ylym we bilim i...
Türkmenistan — ÝHHG: maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk
Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýaş işgärleri üçin niýetlenen okuw maslahaty öz işine başlady. Ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. Okuw maslahatyna milli gazet-žurnallaryň, maglumat internet-neşirleriniň, teleradioýaýlymlaryň žurnalistleri gatnaşýarlar. Halkara bilermenleri — Şweýsariýadan Aleksandra Ştark hem-de Ukrainadan Ýewgen Glibowiskiý döredijilik işine ýaňy gadam goýýan habarçylar b...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awtoulag sport merkezine bardy
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ogly, Mejlisiň deputaty, Söweş sungatlary boýunça milli federasiýanyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow bilen awtomobil sporty merkezine baryp gördi we şol ýerde özüniň çyzgylary esasynda sport ulagyny täzeden enjamlaşdyrdy we gurnady hem-de onuň mümkinçiliklerini synap gördi. Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolmak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösd...