SOŇKY HABARLAR
Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda milli toparymyz üç medal gazandy
Gyrgyz Respublikasynda açylan Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda türkmen pälwanlary dürli derejeli üç medal gazandylar. Täjik milli guşakly göreşi bolan “guştini milli kamarbandi” göreşi boýunça ýaryşlar ýygyndy toparymyz üçin netijeli boldy. 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Annamyrat Myradow altyn medal aldy. Iň ýokary agram derejesiniň ý...
Türkmenistan üstaşyr howa gatnawlary babatda hyzmatdaşlygy berkidýär
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen howa gatnawlary babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça “Türkmenhowaýollary” gullugynyň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmak bilen, Türkmenistan üstaşyr gatnawlarynyň dessinligini we ygtybarlylygyny halkara ölçeglere laýyklykda doly üpjün edýär. Häzir diňe paýtagtymyzyň howa menzili däl-de, eýsem, ý...
XVIII tomusky Aziýa oýunlary tamamlandy
Indoneziýada “Bung Karno” stadionynda XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy boldy. Bu tomaşa ýaryşlary geçirýän ýurduň özboluşly milli öwüşginlerine beslendi. Ýagyş hem bu dabaranyň köpöwüşginli häsiýetine päsgel berip bilmedi. Ýygnananlar Indoneziýanyň Prezidentiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidentiniň çykyşlaryny şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Myhmanlaryň hatar...
Türkmenistanyň we Hytaýyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
31-nji awgustda HHR-yň Sinszýan-Uýgur Awtonom raýonynyň dolandyryş merkezi bolan Urumçi şäherinde “Türkmenistan – Hytaý: Beýik Ýüpek ýolunda syýahatçylyk” atly forum geçirildi. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň, ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, SUAR-yň syýahatçylygy ösdürmek baradaky döwlet komitetiniň we EKSPO-nyň Sekretariatynyň bilelikde gurnan forumynyň maksady bu ulgamda özara peýdaly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýurdumyzyň we HHR-yň Sinszýan-Uýgur...
Türkmenistanda 2018 — 2019-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli täze mekdepler açyldy
Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrýan Bilimler we talyp ýaşlar güni baýramçylyga beslendi, bu barada irden ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde kakylan jaňlar mälim etdi. Mekdep okuwçylary we talyplar Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň 27-nji orta mekdebindäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Oku...
BERLINDE «MARGIANA – TÜRKMENISTANYŇ ÇÄKLERINDÄKI BÜRÜNÇ ASYRYNYŇ ŞALYGY» ATLY ÇÄRESI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda Berlin şäherinde Türkmenistanyň GFR-däki Ilçihanasy Berliniň Taryhy döwürden öňki we irki taryhy muzeýi bilen bilelikde 2018-nji ýylyň “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan edilmeginiň çäginde «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly çäresi geçirildi. Çärä GFR-iň Federal Kansleriniň diwanynyň, Federal Daşary işler ministrliginiň, Federal ykdysady we energetika ministrliginiň wekilleri, GFR-de akkreditirlenen diplomat...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 169-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny we nebit koksuny satyn aldylar. BAE-den gelen işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysym...