SOŇKY HABARLAR
Buhara oblastynyň wekilýeti Türkmenabatda işewür duşuşyklar geçirdi
16-njy awgustda sebit dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy Uktam Barnoýewiň ýolbaşçylygyndaky Özbegistanyň Buhara oblastynyň wekilýeti Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabatda boldy. Dostlukly döwletiň serhetýaka oblastynyň wekilleriniň sapary Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Buhara oblastynyň dolandyryş merkeziniň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanpewer ulgamlarda hyzmatdaşlyk barada Ylalaşygyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyryldy, oňa 2017-nj...
TÜRKMEN-ÖZBEK IŞEWÜR FORUMY
2018-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň we Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynyň söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň çäklerinde türkmen-özbek işewür forumy geçirildi. Bu foruma döwlet gurluşynyň wekilleri, senagatçylar we işewürler, Lebap welaýatynyň we Buhara welaýatynyň medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar welaýatlaryň arasynda öndürijilikli gatnaşyklar alyp barmaga uly mümkinçilikler bar diý...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ TÜRKMENISTANDA DURMUŞA GEÇIRILMEGI BOÝUNÇA TEGELEK STOLUNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegine bagyşlanan tegelek stol görnüşindäki mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ählumumy howpsuzlygyň aýdyň maksatnamasy, Durnukly...
TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTANYŇ SEBITLERINIŇ ARASYNDAKY GATNAŞYKLAR ÖSÝÄR
2018-nji ýylyň 15-nji awgustynda Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň we Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň döwlet gurluşynyň wekilleriniň, senagatçylaryň, işewürleriň hem-de medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda sergi we biznes forum geçirildi. Biznes-forumyň gün tertibinde geljekde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylara Daşoguz we Horezm welaýatlarynyň ösüşle...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SOÇI ŞÄHERINE IŞ SAPARYNDA BOLDY
2018-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary we geljek üçin meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde onuň möhüm ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 2017-2019-njy ýyllar üçin niýetlenen degişli Hökümetara maksatnamasy ykdysady h...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasyndaky duşuşyk
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine iş saparyny amala aşyrdy, bu ýerde milli Liderimiz bilen Prezident Wladimir Putiniň duşuşygy geçirildi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bu sapar hem-de onuň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-rus duşuşygy iki ýurduň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny hem-de mundan beýläk-de ählumumy abadançyl...
Hazar Konwensiýasyna gol çekilmegi dünýäniň energetika howpsuzlygynyň ýolunda taryhy ädimdir
2018-nji ýylyň 12-nji awgusty hakyky taryhy senä öwrüldi. Şol gün ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geçirilen gepleşiklerden soň, Hazarýaka ýurtlary Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany kabul etdiler. Metbugat tarapyndan bu resminama “Hazar deňziniň Konstitusiýasy” diýlip atlandyryldy. Resminama Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleri gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aktauda Hazarýaka döwletleriniň...