SOŇKY HABARLAR
GDA ýurtlarynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi
Mejlisiň gün tertibine 12 mesele girizildi. Olar syýasy, ykdysady, medeni we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk edilmegine, DIM-niň ugry boýunça özara gatnaşyklara degişlidir. Howpsuzlygyň üpjün edilmegine, jenaýatçylygyň garşysyna göreşe hem-de halkara terrorçylyga garşy durulmagyna, şeýle hem hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Wekiliýetleriň ýolbaşçylary maglum...
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
Şu gün Türkmenistan halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde ähli halklaryň baýramçylygy bolan Bütindünýä saglyk gününi giňden dabaralandyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolan bu şanly sene mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy we sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän hem-de tutuş ýurdumyzy gurşap alan köp sanly sport çäreler...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda bu ajaýyp halkara baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn. Bütindünýä saglyk güni dostlug...
Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň işiniň örän köpdügine garamazdan, üýtgewsiz kada eýerip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy. Halkyň abadançylygy, onuň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli, aň-paýhas taýdan ösen ýaş nesli kemala getirmek baradaky alada Türkmenistanda döwlet syýasatynyň...
Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Heýti Mýaemeesden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde we Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde...
Türkmenistanyň Prezidenti «John Deere» kompaniýasynyň bölüminiň ýolbaşçysyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirip, oňaýly maýa goýum ýagdaýy hem-de ýurtda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler babatda daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri üçin Türkmenistanyň örän uly gyzyklanma döredýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli s...
Çoganlydaky kottejler toplumynyň çägi giňelýär
Çoganlydaky kottej toplumynyň üstüne ýaşaýyş jaýlarynyň täze tapgyry goşuldy. Mart aýynyň ahyrynda Büzmeýiniň iri panelli jaý gurluşyk zawodynda çykarylýan demir-beton ýygnama panellerinden gurlan dört otagly iki gatly jaýlaryň 230-syna maşgalalar göçüp başladylar. Bir maşgala niýetlenen kottejler inženerlik ulgamyna goşulan özbaşdak ýyladyş ulgamlary bilen üpjün edilen, 0,8 ga mellek ýeri bar. Jaýyň gurluşygynda we bezeglerinde esasan ýerli gurluşyk serişdeleri we belli daşary ýurt haryt öndüri...