RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Mar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda jemgyýetçilik-syýasy çäre — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň ýakynda geçirilen saýlawlarynyň jemlerine seredildi. Mundan başga-da, döwlet syýasatynyň içerki möhüm meselelerine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy, birnäçe resminamalar kabul edild...

DOWAMY
pic
29 Mar

Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisine gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergä gatnaşyjylar! Mähriban adamlar! Sizi Türkmenistan döwletimiziň ak mermerli paýtagty Aşgabat şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygynyň subutnamasy bolan bu serginiň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, işewür gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýe b...

DOWAMY
pic
28 Mar

“Parahatçylyk prosesi, howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk we sebitdäki arabaglanyşyk” atly Owganystan meseleleri boýunça halkara maslahaty

2018-nji ýylyň 27-nji martynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Parahatçylyk prosesi, howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk we sebitdäki arabaglanyşyk” atly Owganystan meseleleri boýunça halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Özbegistanyň we Owganystanyň Prezidentleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri we orunbasarlary, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tadamiçi Ýamamoto, BMG-niň Merke...

DOWAMY
pic
28 Mar

Eýranyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy

2018-nji ýylyň 28-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördi. Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Ol iki döwletiň we halklaryň asyrlaryň dowamynda berkän, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ähli ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we işjeňleşdirmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalara ygrarlylygyny ykra...

DOWAMY
pic
27 Mar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Hasan Ruhaniniň arasyndaky gepleşikler

2018-nji ýylyň 27-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde EYR-nyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň ýanynda haly düşelen ýodajygyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna Hormat garawuly düzüldi. Ýola goýlan asylly däbe görä, milli egin-eşikdäki oglanjyk we gyzjagaz eýran Liderine duz-çörek hödürläp, gül desselerini...

DOWAMY
pic
26 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

2018-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Myhman öz ýolbaşçylyk edýän GDA-nyň wekilçilikli synçylar toparyna iberilen çakylyk we 25-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryna görlen taýýarlyk işlerine hem-de onuň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrmak ugrunda döredilen şertler üç...

DOWAMY
pic
26 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

2018-nji ýylyň 26-njy martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitleriň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda ilkinji bolup Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunç...

DOWAMY