RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Mar

GDA-nyň synçylarynyň wekilçilikli topary: saýlaw möwsümi açyk bäsdeşlik hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmegiň netijeleri boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylaryň wekilçilikli toparynyň Aralyk hasabaty (2018-nji ýylyň 5—20-nji marty) Umumy düzgünler Türkmenistanyň çakylygy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan wekilçilikli topar (mundan beýläk — wekilçilikli topar) Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn edýär. Türkmenista...

DOWAMY
pic
20 Mar

Türkmenistan — Germaniýa: lukmançylyk ulgamynda ylmy-amaly hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Uly bilermenleriň gullugynyň (SES, GFR) wekili, professor Wolfgang Kaşka bilen duşuşyk geçirildi. Germaniýaly alym maslahatlaşmak hem-de tejribe alyşmak üçin Halkara lukmançylyk merkeziniň baş müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkezine çagyryldy. Ol GFR-iň we Türkmenistanyň hünärmenleriniň özara gatnaşyklarynyň geljegine bolan garaýşyny ýurdumyzyň ýokary lukmançylyk mekdebiniň professorlary, mugallymlary hem-de talyplary bilen paýlaşyp, ylym der...

DOWAMY
pic
20 Mar

На юго-западе столицы будет возведён деловой и торгово-развлекательный комплекс

Комплекс зданий, в который войдут деловой, торговый и культурно-развлекательный центры, будет построен в юго-западной части столицы, где новая городская застройка гармонично сочетается с оригинальным ландшафтом холмистой местности у подножия Копетдага. Место строительства многофункционального комплекса обусловило создание замкнутой структуры. В архитектурном проекте воплощен оригинальный художественно-композиционный приём, ассоциативно стилизованный под ахалтекинского скакуна. Здание запроект...

DOWAMY
pic
20 Mar

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi

2018-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlap «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Irden institutyň baş binasynyň foýesinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işiniň taryhyna bagyşlanan sergi açylyp, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we...

DOWAMY
pic
19 Mar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy

2018-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Bižan Namdar Zanganenyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar bir-birini ýetip gelýän Halkara Nowruz baýramy bilen mähirli gutladylar. Hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik ugry barada aýdylanda taraplar ýokary derejedäki saparlaryň ornuny bellediler. Şu jähtden türkmen tarapy Eýran Yslam Respublikasynyň Preziden...

DOWAMY
pic
19 Mar

«Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy we bu şanly sene mynasybetli geçirilýän «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz Türkmenistan häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we abraýly ornuny eýeleýär. Hemişelik Bitarap döwletimiz giň hyzmatdaşlygy...

DOWAMY
pic
19 Mar

Türkmen Lideri Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi we bu wezipä gaýtadan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz hatynda Russiýanyň halkynyň saýlawy Wladimir Putiniň ýurtda syýasy we durmuş durnuklylygyny, ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ýoluna ýokary ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýar diýip belledi....

DOWAMY