RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Mar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 9-njy martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prez...

DOWAMY
pic
8 Mar

Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çägindäki ugurlary boýunça wagyz-nesihat çäresi

Şu gün paýtagtymyzdan Aşgabat — Türkmenabat — Kerki aralygynda wagyz-nesihat demir ýol ulagy dört günlük ýola düşdi. “Arkadag gurduran polat ýollary — Beýik döwrümiziň Ýüpek ýollary” atly wagyz ediş çäresine döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşýarlar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygaryna bagyşlanylan medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilnamasynyň çäklerin...

DOWAMY
pic
8 Mar

Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekilleriniň Türkmenistana saparynyň netijeleri jemlenildi

Jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekiliýeti 2018-nji ýylyň 19-njy fewralyndan 6-njy marty aralygynda döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri, ykdysadyýetiň hakyky böleginiň we maliýe pudaklarynyň wekilleri hem-de diplomatik jemgyýetçiligi bilen makroykdysady we maliýe ulgamyndaky ösüşlere baha bermek, ykdysady üýtgeşmeleri hem-de ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Aşgabatda iş saparynda boldy. HPG-niň wekiliýe...

DOWAMY
pic
8 Mar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar! Sizi göwünlere ylham berýän, galkynyşyň we juwanlygyň nyşany bolan ajaýyp bahar paslynda giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda Halkara zenanlar gününiň dabaralary aýratyn many-mazmuna, joşgunly çärelere utgaşýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň köpugurly we örän baý mirasy bar. Bu mirasy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmakd...

DOWAMY
pic
7 Mar

Türkmenistan we Tatarstan Respublikasy hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

2018-njy ýylyň 7-nji martynda Aşgabat şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň öňdenbaryjy ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow, tatar tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Tatarstan Respublikasynyň Sena...

DOWAMY
pic
6 Mar

Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministrliginiň orunbasary bilen duşuşyk boldy

2018-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus iş toparynyň çäklerinde söwda we maýa goýuma ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparynyň 5-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen A.W.Gruzdewyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus iş toparynyň çäklerinde söwda we maýa goýuma ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki t...

DOWAMY
pic
6 Mar

Türkmenistanyň DIM-nde GDA-niň Ýerine ýetiriji Komitetiniň Başlygy –Ýerine ýetiriji Sekretarynyň birinji orunbasary bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň monitoringi üçin GDA-niň Synçylar wekiliýetine baştutanlyk edip türkmen paýtagtyna gelen GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen duşuşdy. 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar maslahatlaşmalaryň esasy temasyna öwrüldi. GDA-ni...

DOWAMY