RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Iýul

Türkmenistan intellektual eýeçilik ulgamynyň kuwwatyny artdyrýar

Şu ýyl Türkmenistanyň milli intellektual eýeçiligi ulgamyna 25 ýyl dolýar. Häzirki döwürde intellektual eýeçiligiň desgalaryny goramak pudagynda döwlet kadalaşdyrylyşyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda gol çeken Karary bilen döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçiligi gullugy (mundan beýläk Gulluk) alyp barýar.  Bu Gulluk intellektual eýeçiligiň desgalarynyň hukuk goraglylygy babatdaky ýöriteleşdirilen bölümçe b...

DOWAMY
pic
11 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganowy kabul etdi.  Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýanyň iri nebi...

DOWAMY
pic
11 Iýul

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdy

Hazaryň kenarynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi bilen tanşyp, ýaryşyň geçiriljek ýolunyň jemleýji tapgyrynda geçirilýän işleriň barşyna gözegçilik etdi.  Milli Liderimiz ir säher bilen öňde boljak ralliniň geçjek ugrunyň jemleýji böleginiň başlanýan ýerine geldi.  Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar. Milli Liderimiz olar bilen sa...

DOWAMY
pic
10 Iýul

Ýaş işgärleri taýýarlamak döwlet ähmiýetli işdir

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, 2018-nji ýylda orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2018-nji ýylyň 8-nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny olary...

DOWAMY
pic
10 Iýul

Türkmen gimnastikaçysy «Aziýanyň ýaňy» festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 4 — 8-nji iýulda geçirilen “Aziýanyň ýaňy” atly sirk sungatynyň XI halkara festiwalynda Türkmenistanyň wekili kümüş baýraga mynasyp boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge ägirt uly üns berýändigi netijesinde täze ösüşe eýe bolan türkmen sirkiniň nobatdaky üstünligidir.  Festiwala Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan hem-de Russiýadan, Fransiýadan, Kanadadan, Wengriýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Wýetnamda...

DOWAMY
pic
10 Iýul

Ylham joşguny — döredijiligiň çäksiz çeşmesi

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz boş wagtyny «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň dowamyny işlemäge, aýdym-saz döredijiligine bagyşlady.  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň medeni mirasynyň baýlaşmagynda sungatyň ähmiýeti barha ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, taryhy hakyda, milli özboluşlylyk hem-de döredijilik ylhamynyň dowamatlylygy ýurdumyzyň häzirki zaman medeniýetiniň binýadyny düzýän...

DOWAMY
pic
10 Iýul

GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa we Owganystan döwletleriniň arasynda syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmaga gelen, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dinara Kemelowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy gepleşikleri giňeltmegiň wajypdygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli bi...

DOWAMY