SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, nebit ýol bitumyny we dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Ermenistandan,...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary
Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. ... Üç sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystanyň döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazanyň Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanyndaky haly ýodajygyň ugrunda hormat garawuly düzüldi. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize duz-çörek w...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň 2018-nji ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Mejlisde Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy, hökümetiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň işleriniň neti...
ŞWEÝSARIÝADA TÜRKMENISTANYŇ HALKARA GURAMALARY BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 4-5-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýet Ženewa şäherinde iş saparynda boldy. Bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaerowa, Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ilçi Robertu Azewedu, Parlamentara Birleşiginiň Baş sekretary Martin Çungong, Halkara Gyzy...
Türkmenistanyň DIM-nde “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanyp brifing geçirildi
2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda (Turkmen Desert Race) “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň geçirilmegine görülýän taýýarlyga bagyşlanyp brifing geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler we Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komiteti we Türkmenistanyň awtomobil sporty federasiýasy bilelikde gurnadylar. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara gura...
Türkmenistanyň Prezidenti TURKSOÝ-nyň baş sekretaryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TURKSOÝ) baş sekretary Dýusen Kaseinowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşyň ähli ulgamlarynda ägirt uly üstünlikleri gazanýan we oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan Aşgabatda ýene-de bolmak mümkinçiliginiň dörändigine şatdygyny nygtady. Ýurdumyzda “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şyga...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň işgärlerine
Hormatly kazyýet edaralarynyň işgärleri! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň kazyýet edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiz adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýär. Her bir raýatyň erkin hem-de mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýär we ýeterlik goldaw berýär. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Ýurdumyzyň kazyýet edaralary a...