SOŇKY HABARLAR
Edermenler Watany şöhratlandyrýar
Şu gün Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda şanly waka — Berdimuhamet Annaýewiň “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanylmagyna bagyşlanan dabaraly ýygnak geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permany bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Watany goramakda hem-de Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda esger borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin bu ýokary döw...
ÝURDUMYZYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SYÝASY FORUMA GATNAŞAR
2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hasabat bilen çykyş edip, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy foruma taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Bu forum şu ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu aýda 2019 - 2021-nji ýyllar üçi...
Hormatly Prezidentimiziň Akhan atly bedewi - Ginnesiň rekordlar kitabynda!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň durmuşynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çäksiz aladasy we ünsi netijesinde döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Ine, şu gün hem ýene-de bir gyzykly waka bolup geçdi. Ol nobatdaky gezek dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni meşhur ahalteke bedewlerine çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk top...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, öňden gelýän däp bolan dostlukly gatnaşyklara hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtadylar. Russiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyny doglan güni bilen gutla...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, söhbetdeşler dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklar arkaly berkidilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şawkat Mirziýoýew pursatdan peýdalanyp, türkmen kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýü...
Milli Liderimiziň belent maksady
Häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuşy giň möçberli işler hem-de uly üstünlikler bilen kesgitlenilýär. Täze eýýamyň şöhratly ýyl ýazgysy hem şolardan emele gelýär. Biziň gazananlarymyzy näme bilen ölçemek bolýar? Çünki olar diňe bir sanlarda we maglumatlarda beýan edilmän, eýsem, täze döwrüň ruhunda, onuň döredijilik ýagdaýynda hem-de ägirt uly özgertmeleriň depgininde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgü...
1 million tonna türkmen gallasy taýýar!
Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar — ýurdumyzyň galla kabul ediş bölümlerine 1 million tonnadan gowrak bugdaý gelip gowuşdy. Ýetilen sepgit gallaçylaryň esasy wezipesiniň - ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak wezipesiniň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynam döredýär. Oba hojalygynyň okgunly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarl...