RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany bilen duşuşdy

“Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýerde Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Baştutany Abdulla Abdulla bilen duşuşdy. OYR-nyň ýokary wezipeli wekili duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Ganiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollady. Be...

DOWAMY
pic
20 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik paýtagtynda geçirilýän “Durnukly ösüş üçin suw ” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Dostlukly döwletleriň baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmak hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bild...

DOWAMY
pic
19 Iýun

Türkmen wekiliýeti ynsanperwer gatnaşyklaryň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşýar

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIII forumy işläp başlady. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. “GDA-nyň çäklerinde gatnaşyklar — XXI asyrda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi” baradaky gürrüňler her ýyl geçirilýän duşuşygyň esasy meselesi boldy. GDA döwletleriniň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde guralan çäre görnükli medeniýet, ylym we bilim i...

DOWAMY
pic
19 Iýun

Türkmenistan — ÝHHG: maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýaş işgärleri üçin niýetlenen okuw maslahaty öz işine başlady. Ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. Okuw maslahatyna milli gazet-žurnallaryň, maglumat internet-neşirleriniň, teleradioýaýlymlaryň žurnalistleri gatnaşýarlar. Halkara bilermenleri — Şweýsariýadan Aleksandra Ştark hem-de Ukrainadan Ýewgen Glibowiskiý döredijilik işine ýaňy gadam goýýan habarçylar b...

DOWAMY
pic
19 Iýun

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awtoulag sport merkezine bardy

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ogly, Mejlisiň deputaty, Söweş sungatlary boýunça milli federasiýanyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow bilen awtomobil sporty merkezine baryp gördi we şol ýerde özüniň çyzgylary esasynda sport ulagyny täzeden enjamlaşdyrdy we gurnady hem-de onuň mümkinçiliklerini synap gördi. Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolmak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösd...

DOWAMY
pic
18 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy. Hormatly Prezidentimiz wideoşekill...

DOWAMY
pic
18 Iýun

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärlerine

Hormatly adalat edaralarynyň işgärleri! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde bellenilýän Adalat edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletiň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrmak, adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek, milli kanunçylygy halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek, hukuk maglumatlarynyň we olary...

DOWAMY