SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hem-de käbir düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda galla oragynyň barşyna, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen Aha...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Oraza aýynyň haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, päk ynanjy, ýokary ynsanperwerligi, agzybirligi hem-de ylalaşyklylygy alamatlandyrýan Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp bolşy ýaly, berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä ýaň salýan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem Gadyr gijesini egsilmez joşgun, iň gowy umyt-arzuwlar bilen mynasyp garşy a...
Galla oragynyň depgini: Ahal welaýaty
Türkmenistanyň gallaçylary gyzgalaňly döwri başdan geçirýärler. Ýurdumyzda güýzlük bugdaý oragynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Şu ýyl döwlet tabşyrygyna laýyklykda, ekerançylarymyzyň öňünde 1 million 600 müň tonna bugdaý taýýarlamak wezipesi durýar. Bu sepgide ýetmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmekde ýene-de bir möhüm ädimdir. Ýurdumyz...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýan...
«Amul — Hazar 2018» mediaforumy
9-njy iýunda Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde öňde boljak “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine hem-de onuň çäklerinde geçirilýän welosipedli ýörişe we ylgaw ýaryşlaryna bagyşlanan mediaforum boldy. Forumyň işine ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, sebitiň häkimliginiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. “Mary” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada foruma gatnaşyjylar...
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň birnäçesi kabul edildi. Maslahata hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde guralan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna baýramçylyk, agzybirlik we ruhubelentlik ýagdaýy mahsus boldy. Dabara Mejlisiň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we...