SOŇKY HABARLAR
Bagdatda türkmen-yrak syýasy geňeşmeleri geçirildi
2018-nji ýylyň 2-nji aprelinde Bagdat şäherinde Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleriniň ikinji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň başynda 2017-nji ýylyň 25-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen syýasy geňeşmeleriň birinji mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine seljerme berildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar....
Hanoýda ilkinji türkmen-wýetnam syýasy geňeşmeleri geçirildi
2018-nji ýylyň 2-nji aprelinde Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde (Hanoý ş.) iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ilkinji türkmen-wýetnam syýasy geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda wýetnam wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Buý Than Şon baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljekk...
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň häzirki wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýyna hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki möhüm meselelerine, şol sanda öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmäge degişli meselele...
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýy
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary VIII gurultaýy geçirildi, onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň esasy syýasy guramalarynyň biriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurultaýa wekillerden başga-da, hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik birleşmeleriniň, köpçulikleýin habar beriş serişdeler...
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýyna gatnaşyjylara
Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar! Mähriban watandaşlar! Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyzda bolup geçýän uly syýasy-jemgyýetçilik waka — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we gurultaýyň işine üstünlik arzuw edýärin! Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýäde çalt depginler bilen ösýän, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşýan, parahatçylygyň we durn...
Seulda türkmen-koreýa gepleşikleri geçirildi
Koreý tarapynyň çakylygy boýunça 2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Seul şäherine resmi sapary amala aşyryldy. Saparyň çäginde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri hanym Kan Gýon Hwa bilen gepleşikler geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna garadylar we olaryň ýokary depgin bilen ösýändigini bellediler. Şeýle hem syýasy gatnaşyklary berkitmegiň, s...
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 164-si hasaba alyndy
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyk kerosinini, az kükürtli ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýadan, ABŞ-dan, BAE-den, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýä...