RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Maý

Astrahan oblastynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgady bolan Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep açyldy

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bellenýän wagty bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler daşary ýurtlarda hem geçirildi. Şunuň ýaly ajaýyp wakalaryň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda gurlan mekdebiň açylyş dabarasy boldy.  Çärä Astrahan oblas...

DOWAMY
pic
18 Maý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz milli senenamamyzda şanly seneleriniň birini — Türkmenistanyň Konstitusiýanyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi belledi. Watanymyzyň mukaddes nyşanlary bolmak bilen, Konstitusiýamyz hem-de ýaşyl Tugumyz türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlylygyny beýan edýär. Paýtagtymyz Aşgabat ählihalk baýramçylygynyň merkezine öwrüldi, bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşm...

DOWAMY
pic
18 Maý

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyny berdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýörite taýýarlanan ýerde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi. Bu çäräniň sahawatly Oraza aýynyň ilkinji günlerinde, şeýle hem muňa gabat gelen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününde geçirilýändiginiň çuňňur manysy bardyr. Ynsana diňe bir beden arassalygyny we ahlak päkligini peşgeş bermän, bu gadymy däp-dessur Be...

DOWAMY
pic
18 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan Milli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ilkinji gezek döwlet derejesinde bellenýän bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň agzybirlik suprasynyň başynda jem bolan mähriban halkymyzy beýi...

DOWAMY
pic
17 Maý

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipelere garaldy, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, 18-nji maýda ýurdumyzyň uly baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýa...

DOWAMY
pic
15 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iri gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi. Aşgabadyň häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny öňe sürýän hormatly Prezidentimiz şäher boýunça guraýan iş saparlarynyň dowamynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça...

DOWAMY
pic
14 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE SLOWAKIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Daşkent ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ýan Bori bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň deňlik, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda iki ýurduň arasyndaky özargatanşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyrlar. Taraplar diplomatik we pa...

DOWAMY