SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah mata hem ýüplük, buýan köküniň guradylan ergini, aýna, portlantsement ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Türkiýe, Serbiýa. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 41 million 662 müň dollaryndan gowrak boldy....
Sportuň olimpiýa göşrnüşleri fakultetiniň binasynyň gurluşygyna başlanyldy
Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini döretmek boýunça işler başlandy, ol Milli sport we syýahatçylyk institutynyň düzümine girer. Ýokary okuw mekdebiniň binasynyň günorta tarapyndan Oguzhan köçesi bilen kesişýän ýere çenli on gektardan gowrak ýerde administratiw-okuw klasteri kemala getiriler. “Ajaýyp gurluşyk” kompaniýasynyň amala aşyrýan taslamasynda “Ýimpaş” kompaniýasynyň edara jaýynyň sekiz gat binasynyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar, onda Sport w...
Daşoguz welaýatynda ýol gurluşygynyň depgini güýçlendirilýär
“Türkmenawtoýallary” Döwlet konserniniň Gubadag etrabynda ýerleşýän asfalt zawody ýylyň başyndan bäri sarp edijilere onlarça müň tonna önüm iberdi. Kärhana Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň tabşyrygy bilen 2007-nji ýylda gurlupdy. Ilkibada sagatda 160 tonna asfalt öndürmäge niýetlenen asfalt garyjy enjam oturdylypdy. Soňra önüme islegiň artýanlygy göz öňünde tutulyp, kähanada sagatda 120 tonna asfalt öndürýän ýene bir enjamyň işe girizilmegi sebitde ýol gurluşygynyň depginini güýç...
“Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport çäresiniň jemleri jemlenildi
Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda her ýyl geçirilýän “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly çäräniň netijelerini jemlemek dabarasy boldy, bu çäre köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Ony Sport we ýaşlar syýashaty ministrligi, şeýle hem ýurdumyzyň sport ugurly ýokary okuw mekdebi guradylar. Biraýlygyň çäklerinde zähmet toparlarynyň, okuw mekdepleriniň işgärleri, sportuň toparlaýyn we şahsy görnüşleri boýunça ýaryşlara gatn...
Weteranlaryň edermenligi – watansöýüjiligiň beýik mekdebi
Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny we urşuň yzynda galanlary hormatlamak dabarasy boldy hem-de olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar, ajaýyp ýaz gülleri gowşuryldy. Köşgüň baýramçylyk äheňinde bezelen eýwanynda söweş meýdanlarynda deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen, tylda zähmetini gaýgyrman faşizmden gazanylan ýeňşe mynasyp...
Türkmenistan — Özbegistan Respublikasy: medeni miras ulgamynda hyzmatdaşlyk
2018-nji ýylyň 5-nji maýynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi bilen ýurdumyzyň Ilçihanasy bilelikde guramagynda medeniýet dessurlary we milli tagamlaryň XVI sergisi geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Özbegistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we akkreditirlenen halkara guramalary şeýle hem medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Her ýylda geçirilýän bu sergide Türkmenistanda çykarylýan dürli görnüşli täsin galdyrýan önümleri özünde jem...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meselelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabine...