SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen telefon arkaly gepleşigi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda iki dostlukly döwletleriň baştutanlary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki, ilkinji nobatda bolsa abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän sebitara, dünýä syýasatynyň birnäçe meselelerini ara alyp m...
BMG-nyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ulag boýunça Rezolýusiýany kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama kabul edildi. Bu barada hökümetiň mejlisinde wise-premýer, Türkmenistan DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow habar berdi. Bellenilişi ýalyw, dünýäniň gün tertibiniň strategiki meseleleri boýunça, ş...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa gatnaşmak üçin welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisde Täze ýyl baýramyny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere we resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Şeýle hem, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatla...
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Ýagşygeldi Elýasowiç Kakaýew Döwlet baştutanynyň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak” Rezolýusiýasyny kabul etdi
BMG-niň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda kabul eden (Ikinji komitetiň (A/72/420) nutugy boýunça) Rezolýusiýasy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak BMG-niň Baş Assambleýasy daşky gurşaw we ösüş baradaky Rio-de-Žaneýro jarnamasyna, XXI asyryň Gün tertibine, XXI asyrda Gün tertibini mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň maksatnamasyna, durnukly ösüş boýunça Ýohannesburg jarnamasyna, durnuk...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazowy hatyralamagyň çäresine we oňa bagyşlanan muzeýiň açylyşyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Baştutanynyň hatyrasyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy. Ir ertir bilen milli Liderimiziň awtoulagy paýtagtymyzyň “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähiniň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Saparmyrat Nyýazowyň ýadygärligine gül goýuldy. Bu ýere Mejlisiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň,...
Kosmos tehnologiýalary—Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugry
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oktýabr aýynda geçiren Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda öňdebaryjy kosmos tehnologiýalaryny peýdalanmagy has-da giňeltmegi ýakyn döwür üçin esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi boýunça 2018—2024-nji ýyllarda ýurdumyzyň kosmos ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manat möçberinde maýa goýumlary gönükdiriler. Bu ser...