img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Few

2018-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň suw hojalygyny ösdürmek boýunça Maksatnama işläp taýýarlanylar

2018-nji ýylyň 12-nji fewralynda Aşgabatda Oba hojalyk toplumynyň binasynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň suw hojalygy pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata welaýatlaryň häkimleri, Mejlisiň deputatlary, oba hojalyk toplumynyň, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Ylymlar...

DOWAMY
pic
11 Few

Balkan welaýatynda eksporta ugrukdyrylan ýod-brom önümçiligi ýokarlanýar

Türkmenistany 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda eksporta ugrukdyrylan we ýerli tebigy çig maldan, şol sanda himiýa serişdelerinden daşary ýurtlarda öndürilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça täze kuwwatlykary döretmeklige aýratyn üns berilýär. Şunda Balkan welaýatyndaky “Guýular” we “Boýadag” ýataklarynda baý känleri bolan ýoda we broma uly ähmiýet berilýär. Şol çig mal serişdelerini senagat taýdan peýdalanmak dünýä bazarlarynda islegli önümleriň d...

DOWAMY
pic
11 Few

DHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy 50,5 million ABŞ-niň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük we pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Pakistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 50 million 585 müň dollaryndan gowrak bol...

DOWAMY
pic
11 Few

Türkmenistan halyçylyk we ahalteke atçylyk sungatyny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işleri geçirýär

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen iri edaralary bilen netijeli aragatnaşyklaryň berkidilmegine, bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (UNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. 2017-nji ýylyň dekabrynda Küştdepdi aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wa...

DOWAMY
pic
11 Few

Döwlet Baştutanymyz harby-howa güýçleriniň tehniki enjamlaşdyrylyşy we mümkinçilikleri bilen tanyşdy

2018-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow howa hüjüminden goranyşyň wagtlaýyn okuw meýdançasyna gelip, onuň tehniki enjamlaşdyrylyşy hem-de Howa hüjüminden goranyş goşunlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Türkmenistan döwrüň talaplaryna hem-de diňe goranyş häsiýete eýe bolan Harby doktrina laýyklykda Milli Goşunymyzyň ösüşini üpjün edip, öz Bitaraplyk derejesine yzygiderli ygrarl...

DOWAMY
pic
9 Few

Daňdanakan galasynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde orta asyr tebipleriniň gurallary tapyldy

2018-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen hökümetiň mejlisinde medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer B. Abdyýewa Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Daňdanakan galasynda arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan täze tapyndylar barada habar berdi. Mary şäherinden 30 kilometr günbatarda ýerleşýän orta asyrlar döwrüne degişli bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça işleriň çäklerinde alnyp barylýar. Geçen ýylyň baharynda Taryhy we m...

DOWAMY
pic
9 Few

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy hem-de birnäçe resminamalara gol çekildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer...

DOWAMY