SOŇKY HABARLAR
Türkmen paýtagtynda açylan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan sergi tehnologiýadaky öňe gidişligi görkezdi
Paýtagtymyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň tehnologiýalarynyň Halkara sergisi açyldy, ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady. Ýöriteleşdirilen sergi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýär hem-de daşary ýartlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik ulgamynda ýurdumyzyň okgunly ösýän bazarynyň gazanan üstünliklerini we mümkinçiliklerini, şeýle hem türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin, özara bähb...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “AZIÝANYŇ ÝÜREGI-STAMBUL PROSESINIŇ” ÇÄKLERINDÄKI VII MASLAHATA GATNAŞDY
2017-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Bakuda “Aziýanyň ýüregi-Stambul prosesiniň” çäklerinde ministrler derejesindäki VII maslahat “Aziýanyň ýüregi güýçli sebitiň hatyrasyna howpsuzlyk we ygrarlylyk” diýen temada öz işine başlady. Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy. Maslahatyň işine “Aziýanyň ýüregi-Stambul prosesiniň” agzasy hasaplanylýan döwletleriň we guramalaryň wekilleri- Owganystanyň Prezidenti we Daşary işler ministri, Tür...
Hökümetiň mejlisinde ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy h...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar
Şu ýylyň 4–5-nji dekabrynda wise-premýer, daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar. Bu duşuşyga görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berildi. Wise-premýeriň sözlerine görä, maslahatyň barşynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň gün tertibi bilen bagly meselelere garalar. Şol sammiti 2018-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär. ...
5-6-njy dekabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler
Döredijilik çäresini geçirmek üçin dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat wekilçilikli topar ýurdumyza geler. Türkiýäniň Medeniýet günleriniň çäklerinde döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, doganlyk ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we fotosuratlaryň sergileri guralar hem-de beýleki çäreler geçiriler. Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel ýerlerine baryp görmegi öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.
В Ташкенте состоялся брифинг, посвященный Международному дню нейтралитета
1 декабря 2017 года в здании Посольства Туркменистана в Ташкенте состоялся брифинг, посвященный Международному дню нейтралитета. На брифинге, проведенном в Посольстве, участвовали ведущие представители средств массовой информации Узбекистана, общественные деятели и туркменские студенты, обучающиеся на высших учебных заведениях Республики Узбекистан. Участником брифинга подробно было рассказано о значении и роли постоянно нейтрального статуса во внешнеполитических, социально-экономических и...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Dabara daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we diplomatlary, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ylymlar Akademiýasynyň, Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetiniň aspirantlary, doktorantlary, syýasatşyn...