SOŇKY HABARLAR
KUBA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) Alfredo Nýewes Portuondo bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Kubanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge...
Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Lebap welaýatynda döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak meselesine seredildi
Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş sapary bilen ugrady, bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde, howa menzilinde milli Liderimiz Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslah...
“Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda monument gurlar
Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine şol bir wagtda buýrujy we baş potratçy hökmünde Amyderýanyň üstünden geçýän “Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda ýadygärlik ýazgyly monumentiň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak işlerini amala aşyrmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2017-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we monumenti 2018-nji ýylyň mart aýynda doly taýýar edi...
Aşgabatda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçirildi
Nebitgaz toplumynyň binasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti paýtagtymyza geldi. Mejlisde özara ynanyşmak we bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi nygtaldy. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, nebiti we gazy gazyp alýan we nebithimiýa senagatynyň kärhanalarynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýd...
Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň häkimini çalyşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Çarlyýew Çarygeldi Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Taňryguly Rejepgulyýewiç Atahallyýew Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynda wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen: Hojambaz etrabynyň häkimi Şöhrat Hemragulyýewiç Hudaýgulyýew Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşadylyp, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi; Çarlyýew Çarygeldi Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi wezipesine bellinildi; Narguly Hemragulyýewiç Haýytow Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimi wezipesine bellinildi; Süleýman Orunbaýewiç Abdyşükürow Lebap welaýatynyň Döwletli etrab...
Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişigine üýtgeşmeler girizildi
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek, iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi Lebap welaýatynyň, onuň şäherleriniň we etraplarynyň häkimlikleriniň hem-de degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde welaýatyň etraplarynyň hem-de şäherleriniň ýerleşiş ýagdaýlarynyň ykdysady netijeliliginiň, olary birikdirmegiň maksada laýyklygynyň seljermesini geçirdi...