SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere, hem-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy- enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunç...
Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlaryň zähmet ýeňişleri hakyndaky hasabatlaryny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileriniň “ak altyn” taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi. Balkan welaýatynyň häkimi bolsa sebitiň gök ekerançylarynyň gazanan zähmet ýeňşi barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyz obasenagat pudagynyň işgärleriniň öndürijilikli zähmeti netijesinde, ýurdumyza azyk bolçylygynyň üpjün edilýändigini...
Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň günäsini geçmek barada Permana gol çekildi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden bo...
Ýurdumyzda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygy belleniler
Şu ýylyň şu ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçiriler. Onda garaşsyzlyk ýyllary içinde bank ulgamynyň ösüşi, ykdysadyýetde gazanylan üsütünlikler, pul-karz syýasatynyň möhüm ugurlary, milli manadymyzyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler hakynda çykyşlar bolar. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda döwlet walýutasynyň ulanlyşa girizilmeginiň Türkmenistanyň Garaşsyzylygynyň ýolundaky möhüm ädime öwrü...
Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker
Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde taslamany makullap, degişli Buýruga gol çekdi. Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlyga ygrarly bolmak bilen, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary yzygerli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, UNCTAD bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn üns...
Ýurdumyzda noýabr aýynda birnäçe halkara medeni çäreler guralar
Şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzda Hasyl toýy hem-de halkara medeni çäreler geçiriler. Aşgabatda Halkara pudaklaýyn sergiler we maslahatlar, şeýle-de ikinji we üçünji ongünlükde Özbegistan Respublikasynyň we Rumyniýanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleri guralar. Bulardan başga-da noýabr aýynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda döredijilik duşuşyklaryny, maslahatlary, sergileri, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”...
Ýurdumyzda halkara bilim we sport forumy geçiriler
Ýurdumyzda şy ýylyň 9-10-njy noýabrynda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna Ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň, bilim ulgamynda dünýä belli kompýuter we interaktiw tehnikasyny, lingafon enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny öndürýän hem-de olar...