RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Awg

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygy üçin hoşallyk bildirip, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, senagat ulgamlarynda we beýleki geljegi uly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy...

DOWAMY
pic
10 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen boldy. Sammite gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri hem Astana şäherine geldiler. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti hormatly myhman...

DOWAMY
pic
9 Awg

Astana şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Gazagystan Respublikasynyň DIM-nde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar ýokary derejedäki yzygiderli syýasy dialogyň ähmiýetini bellediler. Agzalan formatyň çäklerindäki bilelikdäki işleriň jemleri, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi. Mej...

DOWAMY
pic
6 Awg

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, netijeli we strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bile...

DOWAMY
pic
3 Awg

Türkmenistan we Filippinler Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 3-nji awgustynda Filippinler Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň wekiliýeti «Clark Freeport» erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm ädim boldy. Saparyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, Bazalary özgertmek we ösdürmek boýunça müdirlik (BCDA) bilen duşuşyk...

DOWAMY
pic
2 Awg

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Filippinler Respublikasyna sapary

2024-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistan wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Manila şäherinde Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, filippin tarapyna – Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň Ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ASEAN-yň işleri boýunça sekretarynyň orunbasary Mariýa...

DOWAMY
pic
1 Awg

Daşkent şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desseleri goýuldy

2024-nji ýylyň 1-nji awgustynda Daşkent şäherinde Dostluk hepdeliginiň çäklerinde Özbegistanyň paýtagtynyň Magtymguly köçesinde ýerleşýän Gündogaryň beýik akyldary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Ilçisi Ş.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Daşary ýurtlar bilen milletara we dostlukly gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy R.Kurbanow, Türkmen medeniýetiniň Respublika...

DOWAMY