RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Noý

Astrahanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli onlaýn-leksiýa geçirildi

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (TDU) mugallymlary Astrahan Döwlet uniwersitetiniň (ADU) talyplary üçin onlaýn-leksiýa geçirildi. Çäräniň başynda Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşyklary agentliginiň başlygynyň orunbasary A.Aýdyn, TDU-nyň rektory B.Orazdurdyýewa, ADU-nyň rektory K.Markelow we Türkmenistanyň konsuly G.Garaýew dagylar gutlag sözleri bilen çy...

DOWAMY
25 Noý

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň diplomatik okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn-maslahat geçirildi

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, iki ýurduň diplomatlarynyň gatnaşmaklygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli onlaýn görnüşinde “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmeg...

DOWAMY
25 Noý

Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Hemişelik wekilleriniň geňeşiniň 247-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreler gurnaldy. Çärelere YHG-nyň ýolbaşçy düzümi we Sekretariaty, Gurama agza ýurtlaryň EYR-daky Ilçileri we beýleki diplomatlar gatnaşdy. Hususan-da, Türkmenistanda öndürilýän dokma we azyk önümleriniň, şeýle-de milli öwüşgin...

DOWAMY
28 Awg

Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirdi

27-nji awgustda Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersitetiniň (WDSPU) rektory Aleksandr Korotkow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini we şu ýokary okuw mekdebinde türkmen ýaşlaryndan kärine ussat hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň noýabrynda Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersiteti bilen Seýitnazar Seýdi adynd...

DOWAMY
28 Awg

«Özbek böribasar» itleriniň tohumyny gorap saklamak jemgyýeti «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedow diplomatik wekilhananyň Daşkentdäki edarasynda «Özbek böribasar» itleriniň tohumyny gorap saklamak jemgyýetiň başlygy A. Şukurow bilen duşuşyk geçirdi. Ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy myhmana arassa ganly türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek, bu meşhur tohum itlerini, onuň gymmatly sypatlaryny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada gürrüň berdi. Bellenilişi...

DOWAMY
25 Awg

Minskde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki bölüminiň wekilleriniň hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklarynda geçirildi. Bu duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä GDA gatnaşyjy-döwletleriň Hemişelik Do...

DOWAMY