Astrahanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli onlaýn-leksiýa geçirildi

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (TDU) mugallymlary Astrahan Döwlet uniwersitetiniň (ADU) talyplary üçin onlaýn-leksiýa geçirildi.

Çäräniň başynda Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşyklary agentliginiň başlygynyň orunbasary A.Aýdyn, TDU-nyň rektory B.Orazdurdyýewa, ADU-nyň rektory K.Markelow we Türkmenistanyň konsuly G.Garaýew dagylar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Çärä gatnaşyjylara «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly wideorolik görkezildi. Bu bolsa, gatnaşyjylary geçen 25 ýylyň içinde Türkmenistanyň gazanan belent sepgitleri bilen tanyşdyrdy.

TDU-nyň Jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor A.Burunow «Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi – halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde täze model» temasy boýunça we TDU-nyň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy B.Diwankuliýewa                            «Türkmenistanyň Bitaraplygy: taryhy kökleri we parahatçylyk döredijiligiň oňyn tejribesi» temasy boýunça leksiýalary okadylar.

Guramaçylar deslapky ýagdaýda onlaýn-portal döretdiler, ol öz nobatynda diňe bir leksiýa auditoriýasy üçin elýeterli bolman, eýsem onlaýn görnüşinde oňa gatnaşmak isleýänleriň ählisine degişli ygtyýarlyklary berdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar TDU-nyň mugallymlaryna sowallary bermäge we olara doly jogaplary almaga mümkinçilik berildi.