«Özbek böribasar» itleriniň tohumyny gorap saklamak jemgyýeti «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedow diplomatik wekilhananyň Daşkentdäki edarasynda «Özbek böribasar» itleriniň tohumyny gorap saklamak jemgyýetiň başlygy A. Şukurow bilen duşuşyk geçirdi.

Ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy myhmana arassa ganly türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek, bu meşhur tohum itlerini, onuň gymmatly sypatlaryny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada gürrüň berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şu ýylyň maý aýynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi, onuň düzgünnamasy we nyşany tassyklanyldy, ýolbaşçysy saýlanyldy. Bu ugurdaş düzümiň işi itşynaslygyň milli mekdebiniň iň gowy däpleriniň dowat edilmegine, halk seçgisiniň we dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly alabaýlary ulgamlaýyn esasda ýetişdirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Şýle hem myhmana türkmen paýtagtynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk merkezleriniň guruljakdygy habar berildi.

Öz gezeginde, A. Şukurow soňky ýyllarda dünýäde türkmen alabaýlaryna gyzyklanmanyň artýandygyny nygtady we türkmen kärdeşleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirilýändigini beýan etdi.

«Özbek böribasar» itleriniň tohumyny gorap saklamak jemgyýetiniň ýolbaşçysy ýurdumyza gelip görmäge we tohumyň özboluşly genofonduny saklap galmak boýunça meselelerde tejribe alyşmagy ýola goýmak üçin «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň mejlislerine gatnaşmaga isleg bildirdi.

Ýa. Mämmedow myhmana sowgat hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» kitabyny gowşurdy, onda meşhur tohum itleriniň gelip çykyşy we ewolýusiýasy barada gürrüň berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda A. Şukurowa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanan tematiki diwarça görkezildi. Şeýle hem myhman döwlet Baştutanymyzyň işleri we türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti hem-de däpleri barada gürrüň berýän eksponatlar bilen tanyşdy.