Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus şäherinde türkmen-özbek dostlugyna we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan dabaraly çäre
Şu ýylyň 27-nji fewralynda Garagalpagystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmen medeniýet merkeziniň we Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň bilelikde gurnamagynda Nukus şäherinde “Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy” we “Magtymguly Pyragy – türkmen we özbek halklarynyň dostluk nyşany” atly dabaraly çäre geçirildi.
Dabaraly çäre Nukus şäherindäki Garagalpagystan Respublikasynyň Döwlet taryhy we medeniýeti muzeýine aýlanyp görmekden we garagalpak halkynyň taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrýan ekspozisiýalary synlamakdan hem-de Berdak adyndaky Garakalpak döwlet akademiki-sazly teatrynyň girelgesinde gurnalan türkmen, gazak, koreý, ukrain we rus medeniýet merkezleriniň sergilerine aýlanyp görmekden başlandy.
Soňra Berdak adyndaky Garakalpak döwlet akademiki sazly teatrynda “Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30-ýyllygy” we “Magtymguly Pyragy türkmen we özbek halklarynyň dostluk nyşany” atly aýdym – sazly medeni çäre geçirildi. Oňa Garagalpagystan Respublikasynyň ministrler kabinetiniň orunasary, Ýokary Geňeşiniň deputatlary, türkmen, garagalpak, özbek, gazak, koreý, ukrain we rus medeniýet merkezleriniň hem-de beýleki ministrleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaraly çärede Garagalpagystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Rejepbaý Kopalbekowiç Nurazizow açylyş sözi bilen çykyş etdi.
Çykyş eden Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekili türkmen-özbek dostlugynyň ebediligini nygtap, geçen 30 ýylyň dowamynda iki dostlukly halklaryň arasyndaky ähli ugurlardaky strategiki ösüşler, ýetilen özara bähbitli sepgitler barada belläp geçdi.
Şeýle-de, 2024-nji ýylda türkmeniň beýik akyldary, pelsepeçi şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýändigini mälim edip, Ilçihananyň wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna bilen bir hatarda özbek halky, alymlary tarapyndan hem uly sarpa goýulýandygyny belläp geçip, türkmeniň beýik oglunyň Alişer Nowaýy we beýleki Gündogaryň beýik şahsyýetleri bilen bir hatarda durýandygyny mälim etdi.
Mundan başga-da çärede Özbegistanyň Daşary ýurtlar bilen halkara we dostluk gatnaşyklary komitetiniň wekili, Türkmen milli medeni merkeziniň başlygy, Garagalpagystan Respublikasynyň Türkmen milli medeni merkeziniň başlygy, "Garagalpakstanyň edebiýaty" gazetiniň baş redaktory, senator we Nukus döwlet pedagogika institutynyň milli ideologiýa we hukuk kafedrasynyň dosenti çykyş edip, soňky ýyllarda türkmen-özbek syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklarynyň ýokary derejä çykandygyny we özbek halkynyň bu gatnaşyklara tüýs ýürekden guwanýandygyny nygtap geçdiler.
Çykyşlar tamamalanandan soňra Berdak adyndaky Garakalpak döwlet akademiki sazly teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň, Alişer Nowaýynyň we Berdahyň goşgulary öz ene dillerinde ýerine ýetirildi. Soňra Garagalpagystanyň estrada bagşylarynyň ýerine ýetirmeklerinde türkmen, özbek, garagalpak we beýleki birnäçe dillerdäki aýdymlar aýdyldy we milli tanslar bilen çykyş edildi.