Türkmenistanyň Ilçisiniň Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşygy barada

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisi Ş.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy.

Taraplar iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda emele gelen oňyn we birek-birege ynanyşmak dialogyň netijesinde döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer häsiýetli ugurlar boýunça özara pikir alyşyldy. Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmekde parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigi bellendi.

Aýratyn üns medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine berildi. Şu nukdaýnazardan, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça ylalaşyk gazanyldy.