Türkmenistanyň DIM-de türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Montana ştatyndan senatory, ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy Stiw Deýnsiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.

Iň ýokary döwlet derejesinde syýasy gatnaşyklaryň depginli ösüşi aýratyn nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn häsiýetini bellediler. Şu nukdaýnazardan, daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň möhüm orny bellenildi.

Mundan başga-da, söhbetdeşler ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak barada pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, nobatdaky mejlisi şu ýylyň dekabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistan–ABŞ» işewürler geňeşiniň işiniň netijeliligi nygtaldy. «General Electric», «Boeing», «John Deere», «Caterpillar» we beýl ýaly ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ýokary netijeliligi tassyklandy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlary bilen bir hatarda, taraplar maliýe-bank pudagy ýaly özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna garadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan tarapyndan başy başlanan iri möçberli, uzakmöhletleýin halkara energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly derwaýys meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Goňşy ýurtlar bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalara hem aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar syýasy gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.