Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Bassam Ahmed Ali Marzukyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Bahreýniň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly alyp barjak işine hemmetaraplaýyn ýardam we godaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar halkara düzümleriň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklara hem degip geçdiler. Parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.