Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bi­len du­şuş­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­ti ta­mam­la­nan­dan soň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew bi­len du­şuş­dy. 

Iki ýur­duň Li­der­le­ri bi­rek-bi­re­gi sam­mi­tiň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi we Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa hem-de bäş­ta­rap­la­ýyn mö­hüm res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­me­gi bi­len gut­la­dy­lar. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny Gurbanguly Berdimuhamedow Pre­zi­dent Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýe­we mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi we türk­men we­ki­li­ýe­ti­ne bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik, sam­mi­tiň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di hem-de onuň jem­le­ri­niň Ha­zar deň­zin­dä­ki kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ry öňe iler­let­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. 

Söh­bet­deş­ler şu gün ka­bul edi­len we du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň äh­li­si üçin äh­mi­ýet­li bo­lan çöz­güt­ler bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Söh­bet­deş­ler şo­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, se­bit­de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de we yna­nyş­mak, bi­rek-bi­re­ge dü­şü­niş­mek ýag­da­ýy­ny dö­ret­mek­de, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da onuň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy­lar. 

Pre­zi­dent Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew iki döw­le­tiň halk­la­ry­ny ta­ry­hy we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň bir­leş­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di, şeý­le hem soň­ky dö­wür­de bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň iş­jeň­leş­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­mak bi­len nyg­ta­dy, şun­da ola­ry gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler bar. 

Şu gün bi­ziň gat­na­şyk­la­ry­my­za tä­ze sa­hy­pa ýa­zyl­dy, bu gat­na­şyk­lar kö­p a­syr­la­ryň do­wa­myn­da eme­le gel­di. Hä­zir­ki­ za­man tap­gy­ryn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek üçin äh­li se­riş­de­ler bar di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti aýt­dy. 

Söh­bet­deş­ler ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry, şeý­le hem söw­da, ener­ge­ti­ka we ulag ul­ga­my ýa­ly mö­hüm pu­dak­lar­da­ky bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ne ün­si çe­kip, ta­rap­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn we se­bit­le­ýin de­re­je­ler­de ýyg­jam hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar. 

Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­ty ulag ul­ga­myn­da­ky ta­gal­la­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm şer­ti­ni eme­le ge­tir­ýär. Mu­nuň özi Ga­za­gys­ta­nyň port­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy ba­bat­da hem äh­mi­ýet­li­dir. 

Ta­rap­lar sam­mit­de öňe sür­len eko­lo­gi­ýa me­se­le­si ba­ra­da aýt­mak bi­len, Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň çäk­le­rin­de ýo­la goý­lan gat­na­şyk­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar hem-de gaz­na­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň aw­gust aýy­nyň soň­ky on­gün­lü­gin­de ge­çi­ril­jek du­şu­şy­gy­nyň gün ter­ti­bi­ne Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da­ky «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny ös­dür­mek me­se­le­si gi­ri­zil­di. 

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew dost­luk we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­na iki ýur­duň yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­lap, bu gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de iki do­gan­lyk hem-de goň­şy halk­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.