Türkmen türgenleri Indoneziýada geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýar

Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda 18-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde geçiriljek XVIII tomusky Aziýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy geçirildi. 

Dabarada Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular ak ýol arzuw edip çykyş etdiler. Oýunlarda Türkmenistanyň wekiliýeti ýüze ýakyn gatnaşyjylardan — türgenlerden, tälimçilerden, lukmanlardan hem-de beýlekilerden ybarat bolar. Biziň ýurdumyz bu ýaryşlaryň eminler toparyna hem wekilçilik eder. 

Türkmenistanyň ýygyndy topary sportuň 11 görnüşinde — sambo, agyr atletika, boks, jiu-jitsu, dzýudo, grek-rim göreşi, erkin göreş, kuraş, suwda ýüzmek, 3x3 basketbol we ýeňil atletika boýunça çykyş eder. 

Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi Ahmet Çaryýew hem-de Aziýa çempionatlarynyň, Yslam oýunlarynyň birnäçe gezek baýrak eýesi Gülnabat Kadyrowa milli ýygyndy toparymyzyň adyndan hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirdiler. Türgenlerimiziň döwletimiz tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldawy hemişe duýýandyklary nygtaldy. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek Türkmenistanyň syýasatynyň aýrylmaz bölegidir hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn aladasydyr. 

Milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri oýunlarda iň oňat netijeleri gazanmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Türkmen dzýudoçylarynyň, samboçylarynyň, ştangaçylarynyň iri halkara ýaryşlarynda ýakynda gazanan ýeňişleri Jakartada hem üstünlikli çykyş etjekdiklerine umyt döredýär. 

Şäherleriň ikisinde: Jakartada we Palembangede geçiriljek XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň resmi taýdan açylmagyna çenli sanaýmaly günler galýar. Sportuň 58 görnüşinde müňlerçe türgenler — Aziýa ýurtlarynyň ýygyndylarynyň kyrkdan gowragynyň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň ýygyndy topary güýç synanyşar. 

Sport ýeňiş gazanmagyň şatlygyny bagyş edip, halklary birleşdirýär. Türkmen türgenleri Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşynda öz ussatlygyny hem-de ýokary netijeleri gazanmaga bolan erkini bütin dünýä görkezip, ýaryşyň medal sanawynda birinji orny eýelediler. 

Şu ýylyň noýabrynda biziň öňümizde ýene-de bir ähmiýetli sport wakasy garaşýar — Türkmenistan Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. 

Ildeşlerimiziň täze ýeňişlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.