img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary başlandy

photo

2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar täze sepgitlere çykarylýar. Iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem netijeli häsiýete eýedir. Türkmenistanyň we Malaýziýanyň iri halkara guramalaryň, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldamagy munuň aýdyň beýanydyr.

Nebitgaz pudagy ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistandaky köpýyllyk we netijeli işi uzak möhletleýin hem-de ygtybarly maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasydyr.

Ulag-logistika ulgamy, ýokary tehnologiýalar hem-de oba hojalygy ýaly geljegi uly ugurlar üns merkezinde durýar.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň hereketlendiriji güýji bolup durýar. Şunda ylym-bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir.

Şeýlelikde, Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikler we onuň dowamynda gazanyljak ylalaşyklar iki dostlukly ýurduň arasyndaky ugurlaryň giň gerimi boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ädime öwrüler.