img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan leksiýa gurnaldy

photo

2020-nji ýylyň 21-nji fewralynda Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan leksiýa geçirildi. 

Çärä Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory K.Şaripow, uniwersitetiň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyplary gatnaşdylar. 

Leksiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi türkmen Bitaraplygynyň taryhy hem-de onuň Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny barada gatnaşyjylara giňden gürrüň berdi.