img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Germaniýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäreler dowam etdirilýär

photo

Edil Türkmenistanda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan hem-de biziň ýurdumyzda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň geçirilmegi dowam edýär.

Şunlukda jemgyýetçilik ulaglary, ýagny Germaniýanyň Wisbaden şäheriniň awtobuslary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan bannerler bilen bezeldi. Mundan başga-da ýerli «МК-Germaniýa» gazetinde şu ýylda ähmiýetli taryhy senäniň dabaraly bellenilmegi bilen birlikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini giňişleýin açyp görkezýän makala hem çap edildi.